TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY 2023/2024-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär: 1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýar-lygyň ugurlary: halkara maliýe; maliýe; maliýe we karz; salgytlar we salgyt salmak; bank işi we pul dolanyşygy; töwekgelçilikleri dolandyrmak we äti-ýaçlandyryş işi; birža işi; buhgalter-çilik hasaba alnyşy we audit; maliýe gözegçiligi; maliýe menejmenti; işe-würlik-informatika; maliýe bazarlary we banklar). Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary welaýat merkez-lerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyn-dan bellenilen nusgadaky saglyk kepilna-masy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerin-den, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňiji-leri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türk-menistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi-namanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen res-minamalar bilen birlikde, resminamala-ry kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýa- zylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) oku-wa kabul edilmek üçin artykmaç hukuk-dan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-3-i, 6-sy we 8-i günleri; Ahal welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 7-si we 9-y günleri; Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 13-i we 14-i günleri; Balkan welaýaty — awgust aýynyň 12-si, 13-i we 14-i günleri; Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 18-i we 19-y günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-si, 18-i we 19-y günleri; Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, Türkme-nistanyň taryhy, geografiýa derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde belleni-len wagtda synaglara esassyz sebäp-lere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goý-berilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukuk-dan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgit-lenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgär-ler peýdalanýarlar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.: 49-61-99, 49-07-92.