TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY 2023/2024-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär: I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda): I. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy; horeografiýa sun-gaty (folklor toparyny döretmek we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (milli tans toparyny döretmek we dolandyrmak). II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda): 1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglu-mat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); kitaphana işi; telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); kitaphana-maglumat iş-leri; telewideniýe žurnalistikasy). 2. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslama-lar (taýýarlygyň ugurlary: muzeýi öweniş hem-de medeni we tebigy miras ýadygärliklerini gora-mak; medeniýeti öwreniş; art-menejment). 3. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarly-gyň ugry: çeper höwesjeňleriň aýdym-saz topary-ny döretmek we dolandyrmak). 4. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (taý-ýarlygyň ugry: dikeldiş işleri). 5. Ekran sungatlary (taýýarlygyň ugurlary: ses režissu-rasy; yşykl andyryş tehno I ogiýa I ary; kino režissurasy). 6. Taryh we arheologiýa (taýýarlygyň ugurlary: ar-heologiýa; resminama we arhiw öwreniş). 7. Serwis we syýahatçylyk (taýýarlygyň ugurlary: myhmanhana işi; syýahatçylyk). Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçme-dik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäs-leşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary institutda (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türk-menistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geç-ýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminama-nyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi; — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bö-lümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykla-nan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gat-naşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edara-laryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmina-manyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän-ler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadat-namasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş ka-gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri; Mary welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri; Balkan welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri; Ahal we l aýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 10-y gün l eri. Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 11-i, 12-si we 13-i günleri. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); aktýorçylyk sungaty (gurjak teat-rynyň aktýory); drama režissurasy — saýl anan taýýar-lygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bi l en işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan et-mek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (teleradio-gepleşikleri guramak we alyp barmak); telewi- deniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissu-rasy); telewideniýe žurnalistikasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türk-menistanyň taryhy; taýýarlygyň ugurlary: horeografiýa sungaty (folklor toparyny döretmek we dolandyrmak; horeog-rafiýa sungaty (milli tans toparyny döretmek we dolandyrmak), çeper höwesjeňleriň aýdym-saz toparyny döretmek we dolandyrmak — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugry: ses režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (akusti-ka, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugry: yşyklandyryş tehnologiýalary — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny bar-lamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugry: kino režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugurlary: medeniýeti öwreniş; dikel-diş işleri; arheologiýa; muzeýi öwreniş hem-de medeni we tebigy miras ýadygärliklerini gora-mak; resminama we arhiw öwreniş; kitaphana işi; kitaphana-maglumat işleri; myhmanhana işi; syýahatçylyk; art-menejment — jemgyýeti öwreniş; türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenis-tanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda sy-naglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin ar-tykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgün-lere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, tel.: 48-28-60.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir