TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTY 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär: I. Hünärmen maksatnamasy: 1. Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; elektroener-getika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we dwigatelleri; adaty däl we gaýtadan dikeldil-ýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy; ýylylyk elektrik stan-siýalarynda suwuň we ýangyjyň teh-nologiýasy). 2. Maşyngurluşyk (hünärler: metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary; elektrik we elektromeha-niki enjamlaryň tehniki taýdan ulany-lyşy, hyzmat edilişi we abatlanylyşy). 3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar). 4. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlar-da dolandyryş). II. Bakalawr maksatnamasy: 1. Maglumat howpsuzlygy (taýýarly-gyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr mak-satnamasy boýunça okuw) deňdir. 2. Maglumat howpsuzlygy (taýýarly-gyň ugry: maglumat howpsuzlygy). 3. Elektronika, radiotehnika we ara-gatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary). 4. Elektrik we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika). 5. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy; programma inženerçiligi). 6. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: tehnologiki maşynlar we enjamlar). 7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taý-ýarlygyň ugurlary: energetika pudagy-nyň kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (energetika puda-gynda). Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatla-ry giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary welaýat merkez-lerinde we Aşgabat şäherinde (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda) 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly araly-gynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyn- dan bellenilen nusgadaky saglyk kepilna-masy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerin-den, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany foto-surat; — işleýänler üçin zähmet depderçesi-niň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňi-jileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türk-menistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi-namanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen res-minamalar bilen birlikde, resminamala-ry kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýa-zylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) oku-wa kabul edilmek üçin artykmaç hukuk-dan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Mary şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2- si, 4-i we 6-sy günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 3- i, 5-i we 7-si günleri; Mary welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 9-10-y we 12-13-i günleri; Balkan welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 11-i we 14-i günleri; Lebap welaýaty — awgust aýynyň 12-13-i, 15-i we 17-si günleri; Ahal welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 16-sy we 18-i günleri. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: — aýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) — matematika, iň-lis dili, Türkmenistanyň taryhy; — beýleki hünärler we taýýarlygyň ugurlary — fizika, matematika, Türkme-nistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synag-lary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda ge-çirilýär. Degişli dil boýunça geçirilýän dersden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde belleni-len wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersle-riniň biri boýunça synaglardan geçip bil-medikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukuk-dan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgit-lenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgär-ler peýdalanýarlar. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy: Mary welaýaty, Mary ş., Baýramhan köçesi, 62, tel.: 5-75-17, 5-75-02.