MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär: I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): I. Aýdym-saz sungaty (hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we ka-kylyp çalynýan saz gurallary; aýdym sungaty; bagşy; opera sungaty; hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; sazşynaslyk). II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): 1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: saz mugallymçylygy; estrada sungaty). Konserwatoriýa Türkmenistanyň orta hünär saz bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýun-ça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Saz mugallymçylygy; estrada sungaty hünärlerine ça-galar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyk saz bi-limli raýatlar kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary konserwatoriýada (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenis-tanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi ha-kynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi; — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty mi-nistrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkme-nistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara dö-redijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan de-gişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýo-karda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusga-laryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasy-ny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin da-laşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-nji ýylyň 2 — 9-njy awgusty aralygynda bellenen möhletlerde konserwatoriýada (Aşgabat şäheri) geçirilýär. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden); hünärler: aýdym sungaty; opera sungaty; bagşy — hü- näri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden); hünärler: hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy — hünäri boýunça we fortepiano (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden); hünär: sazşynaslyk — solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), saz guraly (ýerine ýetirmek) we saz edebiýaty (ýazma-ça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden); hünärler: saz mugallymçylygy; estrada sungaty — hü-näri boýunça we ýörite saz guraly (ýerine ýetirmek we söhbet-deşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türk-menistanyň taryhy (ýazmaça we dilden). Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçylyk mekdepleriniň, çagalar sazçy-lyk mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleri-niň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synagla-ra goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsle-şiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92-28-56.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir