2023-nji ýylda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza döwletleriniň lukmançylyk we arassaçylyk edaralarynyň ylmy maslahaty geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär. Neşirde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti 5-7-nji iýulda Budapeştde geçirilen Daşky gurşaw we saglygy goramak boýunça ýedinji ministrler maslahatyna gatnaşdy. Türkmen paýtagtynda lukmançylyk maslahatyny geçirmek meselelerini türkmen wekiliýeti BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen maslahatlaşdylar. Maslahatyň geçiriljek anyk senesi takyklanylmaýar. Maslahata tejribelik geçýän lukmanlaryň, alymlaryň we bilermenleriň gatnaşmagy meýilleşdirildi. Goşulyşmazlyk Hereketi 1961-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döredildi. Gurama daşary syýasat ugrunyň esasy hökmünde harby-syýasy toparlara goşulyşmazlygy hem-de garaşsyzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerinde parahatçylykly hereket etmegi maksat edinip goýan döwletleri özüne birleşdirýär. Bu günki günde guramada 120 sany döwlet bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir