Iýul aýynyň birinji hepdesinde Ýeriň ýüzünde gözegçiligiň taryhynda rekord derejeli yssy howa hasaba alyndy. 4-nji we 7-nji iýulda ortaça temperatura Selsiý boýunça 17,2 gradus töweregi boldy, bu 2016-njy ýylyň awgust aýynda hasaba alnan öňki rekorddan 0,3 gradus ýokarydyr diýip, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy (BMG) habar berýär. "Dünýäniň dürli künjeklerinden hyzmatdaşlarymyzyň hasabyna görä, iýul aýynyň birinji hepdesinde gündelik global temperatura boýunça rekord goýuldy" - diýip, BMG-niň howa gözegçiligi bölüminiň başlygy Omar Baddur aýdýar. Häzirki wagtda BMG-de Ýewropanyň howanyň üýtgemegi boýunça gullugy Copernicus-dan, şeýle-de ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera gözlegleri edarasyndan (NOAA), Ýaponiýadan we beýleki çeşmelerden gelip gowşan maglumatlar öwrenilýär. "Biz Selsiý boýunça 17,2 gradusa golaý temperatura bilen 4-nji we 7-nji iýulda rekordyň täzelenendigi baradaky netijä geldik" - diýip, Baddur belledi. Ol Selsiý boýunça 16,9 gradus bolan öňki rekordyň 2016-njy ýylyň awgust aýynda, özüniň gyzdyryjy täsiri bilen belli bolan El-Ninýo tebigy hadysasy bolup geçende hasaba alnandygyny ýatlap geçdi. Şeýle-de, ol 7-nji iýulda hasaba alnan temperaturanyň 4-nji iýuldaky temperaturadan azyndan 0,01 gradus ýokary bolandygyny aýdyňlaşdyrdy. Häzirki tebigy hadysa El-Ninýonyň planetadaky temperatura ýetirýän täsiri barada gürrüň etmek bilen, Baddur El-Ninýonyň güýji ýokarlanmagyny dowam etdirse, temperatura rekordynyň 2024-nji ýylda hem goýlup bilinjekdigini belledi. Öz gezeginde, BMG-niň howany öwrenmek boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Maýkl Sperrou iýun aýynda Antarktikadaky deňiz buzlarynyň meýdanynyň rekord derejede azalandygyna ünsi çekdi: ol ortaça derejeden 17% azdy. Onuň aýtmagyna görä, temperatura diňe bir gury ýerde ýokarlanmak bilen çäklenmeýär, eýsem umman hem energiýany özüne siňdirip gyzýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir