Ilon Mask emeli aň bilen baglanyşykly meseleleri çözjek bir kompaniýanyň döredilendigini habar berdi. Ol: "Hakykata düşünmek üçin xAI-iň döredilendigini yglan edýärin" -diýdi. Şol bir wagtyň özünde x.ai web sahypasy açyldy. Kompaniýada Google-yň, Microsoft-yň we tehnologiýa pudagynyň beýleki kompaniýalarynyň öňki işgärleriniň işlejekdigini takyklaýar. Şeýle hem, Mask özüniň we toparyň 14-nji iýulda “Twitter Spaces” ýaýlymynda täze kompaniýa baradaky sowallara jogap berjekdigini habar berdi. Mart aýynda Mask Newada ştatynda xAI kompaniýasyny hasaba aldyrdy, ýöne şondan bäri ononuň işe başlandygy-başlamandygy barada täze maglumat ýok. Mask emeli aň bir wagtyň özünde hem geljegi uly, hem howply tehnologiýa diýip tekrarlady.