Mark Sukerberg Ilon Mask bilen bolup biljek söweşine çynlakaý çemeleşýär. Sişenbe güni, 11-nji iýulda ol käbir suratlary ýerleşdirdi we UFC-niň ýyldyzlary bilen türgenleşýändigini tassyklady. Israel Adesanýa we Aleks Wolkanowski Mark Sukerberge tälim bermäge başladylar. Üçüsi türgenleşikden soň surata düşdüler. Suratlarda Meta-nyň başlygy IT hünärmenine asla meňzemeýär. Ol dykyz ýumry çiginlerini, oňat myşsa massasy we deri asty ýagynyň azdygyny güjeňleýär. Taplanan presden başga-da, 39 ýaşly Sukerbergiň güýçli gursak etleriniň, deltalarynyň, bisepleriniň we trisepleriniň oňat ösendigi görünýär. Mundan başga-da, onuň sport zalynda türgenleşiklerini duşundan geçirmeýändigi görünýär. Adesanýa milliarderiň täsirine düşüp, Mark bilen oýun etmeli däldigini - onuň söweşe çyny bilen taýynlyk görýändigini aýtdy. Öň, Ilon Mask üç gezek UFC-niň çempiony, garyşyk söweş sungatynyň ady rowata öwrülen pälwany Jorj Sen-Pýer bilen türgenleşmek baradaky teklibi kabul edipdi. Şeýle hem, ol Jorj Sen-Pýer, brazilleriň jiu-jitsu-synyň tälimçisi Jon Danaher we jiu-jitsu boýunça gara guşagyň eýesi Leks Fridman bilen düşen suratyny ýerleşdiripdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir