Hindistanyň jemi içerki önümi (JIÖ) 2075-nji ýyla çenli 52,5 trln dollara ýeter, netijede respublika bu görkezijiniň ululygy boýunça ikinji orny eýelär. Bu barada Goldman Sachs maýa goýum bankynyň maglumatlaryna salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berýär. Muny TASS ýetirýär. Teleýaýlymyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda dünýäniň bäşinji ykdysadyýeti bolan Hindistan 2075-nji ýyla çenli ABŞ-dan, Ýaponiýadan we ýewro zolagynyň ykdysadyýetinden öňe geçip, Hytaýdan soň ikinji orny eýelär. Şol bir wagtyň özünde HHR-iň JIÖ-i $57 trln, Hindistanyňky - $52,5 trln, ABŞ-nyňky - $51,5 trln, ýewro zolagynyňky - $30,3 trln, Ýaponiýanyňky - $7,5 trln bolar. Goldman Sachs-yň analitikleri Hindistanyň ykdysadyýetiniň ösmeginiň köp babatda ilatyň we işçi güýjüniň işjeň ösüşi bilen baglanyşykly boljakdygyny belleýärler. Mundan başga-da, Hindistanyň JIÖ-niň ösüşine tehnologiki ösüş, şeýle-de maýa goýum möçberiniň artmagy we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy oňyn täsir eder. Hünärmenler geljek 20 ýylda Hindistanyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyryp, ykdysadyýetde hyzmatlar paýyny artdyryp, infrastrukturany ösdürip we has köp iş ornuny döredip biljekdigini çaklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, respublikada soňky 15 ýyl bäri görlen iş bilen meşgullyk derejesiniň peselmegi Hindistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine ýaramaz täsir edip biler. Häzir respublikada zähmete ukyply ýaşdaky aýal-gyzlaryň bary-ýogy 20%-i işleýär diýip, Goldman Sachs-yň hünärmenleri belleýär. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Hindistanyň JIÖ-i bir ýyl ozalky bilen deňeşdirilende 6,1% ýokarlandy. Şu ýyl ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşiniň 7,2% bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir