BMW awtoulaglaryň bezegini üýtgedip biljek iki çözgüdi patentledi. Ikisi-de kabinadaky düwmeden buýruk boýunça kuzowyň ýa-da içki panelleriň reňkini üýtgedip biljek bezeg plýonkasyny ulanýar. Birinji patent "elektron kagyz" diýilýänlere degişlidir. Onda saçyň tary ýaly galyňlykda millionlarça mikrobölejikler bar. Olar dürli reňkli bolup biler. Togy kagyz gatlagyna bermeklik onuň üstünde belli bir reňk öwüşgininiň kapsulalarynyň peýda bolmagyna getirýär. Çözgüdi tutuş kuzow üçinem, onuň aýratyn elementleri üçinem ýa-da salon babatynda-da ulanyp bolýar. BMW çylşyrymly şekildäki zatlara ulanyp boljak we islendik egrem-bugramlykda hem boýagyň üznüksiz gatlagynyň görnüp durmagy üçin şeýle plýonkanyň aýratyn gurluşyny döretdi. Ikinji patent plýonkanyň ulanylyş usulyna we goşmaça goragyna degişlidir. Örtügiň innowasionlygy häzirki zaman bezeg plýonkalary bilen ýelmemek üçin ulanylýanlardan başgaça çemeleşmegi talap edýär. Hususan-da, lagyň daşky gatlagy ulanylar.