Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň penşenbe güni neşir eden maglumatlaryna laýyklykda, ýurt 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda nebitiň we tebigy gazyň importyny artdyrdy. Tebigy gazyň importynyň möçberi 5,8%, nebitiň importy 11,7% artdy diýip, Praým agentligi habar berýär. Hasabat döwründe Hytaý 282,07 million tonna nebit import etdi. Daşary ýurtdan satyn alnan çig nebitiň umumy bahasy 163,356 milliard dollara deň boldy. Bu 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 10,9% azdyr. Iýun aýynda Hytaý 28,185 milliard dollara 52,062 million tonna nebit satyn aldy. Tebigy gazyň importynyň möçberi 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 56,629 million tonna deň boldy. Umumy bahasy 32,024 milliard dollar (ösüş 1%). Iýun aýynda Hytaý 5,042 milliard dollara 10,389 million tonna tebigy gaz satyn aldy. 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda kömrüň importy 221,93 million tonna deň boldy, ösüş 93%. Satyn alnan kömrüň umumy bahasy 27,672 milliard dollara deň boldy (ösüş 49,2%). Iýun aýynda Hytaý 4,489 milliard dollara 39,871 million tonna kömür satyn aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir