Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi. Fransiýa her ýylyň 14-nji iýulynda Bastiliýanyň eýelenen gününi belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir