Mahaçkalanyň «Dinamo» futbol kluby Gurban Berdiýewiň tälim bermegindäki ilkinji oýnuny Moskwanyň «Torpedo» topary bilen geçirer. «Biziň toparymyz möwsümiň ilkinji resmi duşuşygyna taýýarlanýar. «Dinamo» şenbe güni, 15-nji iýulda Moskwanyň «Torpedosy» bilen duşuşar. Duşuşyk paýtagtdaky «Lužniki» sport arenasynda geçirilip, sagat 19:30-da başlanar» diýlip, toparyň resmi saýtynda habar berilýär. Duşenbe güni «Dinamonyň» oýunçylary türkmen tälimçisiniň golastynda futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görüp başladylar. Russiýanyň birinji ligasynyň 2023/24-nji ýylky möwsümi 15-nji iýul güni badalga alar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir