Dowam edýän eýran ýylynyň ilkinji üç aýynda (2023-nji ýylyň 21-nji martyndan 21-nji iýuna çenli) Eýran Türkmenistana bahasy 106 million dollardan gowrak bolan 313 müň tonna nebitden daşary önüm eksport etdi. Bu barada «Trend.az» habar berdi. Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük Dolandyryşynyň (IRICA) hasabatyna görä, degişli döwürde Eýranyň Türkmenistana nebitden daşary eksporty gymmaty boýunça 11,3 göterim ýokarlandy we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,89 göterim azaldy. Ýatlap geçsek, Eýran geçen ýylyň degişli döwründe bahasy 95,4 million dollar bolan 332 müň tonna haryt eksport edipdi. 3 aýyň içinde Eýran Türkmenistana, esasan, oba hojalygy we azyk önümlerini, senagat önümlerini, transformatorlar, suw kondisionerleri, nebithimiýa önümleri we ş.m. eksport etdi. Soňky üç aýyň içinde Eýranyň Türkmenistana nebitden daşary eksporty, takmynan, 114 müň tonna (39,4 million dollara golaý) boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir