2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistan Gruziýa 25,7 müň tonna awiakerosin eksport edip, ýangyjyň bu görnüşini bu ýurda ibermekde absolýut lider boldy. Türkmenistan Gruziýanyň awiasion kerosin importynyň umumy möçberiniň 47,1%-ini üpjün etdi diýip, Sputnik Gruziýa agentligi Nebit önümlerini import edijileriň Birleşigine salgylanyp habar berýär. Muny Orient ýetirýär. Gruziýa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, awiakerosiniň importyny 0,5% artdyrdy. Azerbaýjan bur ýurda awiakerosiniň 12,5 müň tonnasyny, Gresiýa 9,9 müň tonnasyny eksport etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir