Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine täze ýolbaşçy saýlandy. Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Maslahatlar zalynda bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalarynyň umumy mejlisi geçirildi. Onuň barşynda Atagulyýew Nökerguly Hojagulyýewiçiň dalaşgärligi Birleşmäniň ýolbaşçylygyna hödürlenildi. Soňra TSTB-niň müdirýertiniň agzalary Nökerguly Atagulyýewi Birleşmäniň müdirýetiniň başlygy wezipesine hödürlemek hakynda biragyzdan ses berdiler. Netijede bu çözgüt TSTB-niň umumy ýygnagy tarapyndan makullanyldy. Nökerguly Atagulyýew döwlet we diplomatik işinde baý tejribä eýe. Ol söwda ministri (2007-2010), Türkmenistanyň BAE-däki we Täjigistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (2010-2012), Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (2012-2013) bolup işledi. Bilimi — ykdysatçy-guramaçy. 2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri TSTB-ä Döwran Hudaýberdiýew ýolbaşçylyk edýärdi.