Aşgabat şäherindäki Enãniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Pemberton usuly bilen Türkmenistanda ilkinji ortopediki operasiýa edildi. Üstünlikli geçen operasiýa Lebap welaŷatynyň 5 ýaşly ýaşaýjysyna edildi. Bu baradaky «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Geçen ýylyň maý aýynda Dritter Orden klinikasynyň nemes lukmany, professor Winsent Frimberger merkeziň türkmen hünärmenleri bilen Pembertonyň ýanjyk bognuň çylşyrymly kesellerini bejermegiň hirurgiki usulyny paýlaşdy. Mundan başga-da, nemes lukmanlary bilen tejribe alşyldy we türkmen kärdeşleriniň tejribesine innowasiýa usulyny üstünlikli girizdiler. Ŷaş hassanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek üçin haýyr-sahawat gaznasynyň gözegçiligindedigini bellemelidiris. Gazna paýtagtyň merkezine operasiýa üçin zerur bolan hirurgiki gurallaryň toplumyny sowgat etdi. Şol günler Halkara Kardiologiýa Merkeziniň hirurglary muskul we merkezi nerw ulgamlarynyň dogabitdi keselleri bolan çagalar üçin 10 ýürek operasiýasyny, neýrohirurgiýa, ortopediki operasiýalaryny etdi. Iň ýaş hassa Lebap welaýatynyň Gazojak şäherinden 3 aýlyk Aýmelek Maksadowa boldy. Çagalaryň operasiýadan soňky ýagdaýy durnukly. Bularyň hemmesi 2021-nji ýyldan bäri 140-dan gowrak lukmançylyk operasiýasy geçirilen gaznanyň howandarlygynda we 50 çaga bolsa, zerur dermanlary mugt satyn alnyp berilmek bilen, lukmançylyk barlaglary geçirildi.