Ilon Maskyň Tesla amerikan elektrik awtoulag kompaniýasy 20-nji iýulda Malaýziýada ilkinji wekilhanasyny açar. Bu barada New Straits Times duşenbe güni ýurduň maýa goýum, söwda we senagat ministri Tenku Zafrul Azize salgylanyp habar berdi. Onuň sözlerine görä, Malaýziýadaky Tesla baş ofis, hyzmat merkezlerini açar we elektrik ulaglary üçin çalt zarýad beriş stansiýalarynyň ulgamyny gurar. Ministr amerikan awtoulag ägirdiniň bu ýerde bolmagy täze iş ýerlerini döreder we ýerli kompaniýalaryň Tesla ekoulgamyna gatnaşygyny artdyrar diýip garaşýar. Maskyň özi açylyş dabarasyna gatnaşyp bilmez, ýöne şu hepdäniň ahyryna çenli ýurduň premýer-ministri Anwar Ibragim bilen wirtual duşuşyk geçirer. "Meniň pikirimçe, gürrüň diňe bir elektrik ulagy we ýol ulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli bolmaz. Biziň isleýän zadymyz awtoulag pudagymyzyň we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň has ýokary maýa goýum potensialyna ýetmek" diýip, ministr belledi. Geçen ýyl öňki premýer-ministr Ismail Sabri Ýakob kompaniýanyň ýurtda gurnama zawody açmagyny teklip etdi. Amerikan kompaniýalaryny sanly ykdysadyýete we ýaşyl tehnologiýalara maýa goýmaga çagyrdy.