Hytaýyň «LandSpace» kompaniŷasy dünýädäki ilkinji kislorod-metan hereketlendirijili raketany orbita çykardy. Trend agentliginiň ýazmagyna görä, bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi. Maglumatlara görä, iki basgançakly raketanyň uçurylyşy Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Gobi çölündäki Szýusýuan kosmodromyndan Pekin wagty bilen sagat 09:00-da (GMT + 4) amala aşyryldy. Çžusŷç-2 raketasy taryhda orbita çykan ilkinji kislorod-metan hereketlendirijili raketadyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir