Iýun aýynda Hytaýda ýeňil awtoulaglarynyň bölekleýin satuwy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2,6% azaldy we 1,89 million awtoulag boldy. Bu barada Hytaýyň ýolagçy awtoulag birleşiginiň (CPCA) hasabatynda aýdylýar. Şonuň bilen bir wagtda, maý bilen deňeşdirilende, satuw 8,7% ýokarlandy. MarketWatch-yň bellemegine görä, aýlyk ösüş 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň awtoulag bazarynyň, koronawirus pandemiýasy bilen bagly peselmeden soň, dikelmeginiň fonunda hasaba alyndy. Tutuş ýylyň birinji ýarymynda awtoulag satuwy 2,5% artyp, 9,65 million birlige ýetdi. Täze energiýa çeşmeli ulaglaryň (NEV) bölek satuwy iýun aýynda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 25,2% ýokarlanyp, 665 000 birlige ýetdi. Tesla geçen aý Şanhaýdaky zawodyndan 93,680 awtoulag iberdi.