Dünýäniň iň uly iýmit önümlerini we içgi öndürijileriniň biri bolan PepsiCo ýeralma ösdürilip ýetişdirilende çykýan zyňyndylary azaltmak boýunça synag maksatnamasyny işe girizdi. Ol bu ugurda öz tagallalaryny “ýaşyl” dökün öndüriji Fertiberia bilen birleşdirdi diýip, AgroPages onlaýn platformasynda habar berilýär. Fertiberia-nyň Impact Zero döküni ýaşyl wodoroddan (tebigy gaza alternatiwa) öndürilýär. Kompaniýa Ýewropada senagat ulanylyşy üçin ýaşyl wodorodyň önümçiligi boýunça ilkinji we iň uly zawodlaryň biri bolan Puertolýanodaky önümçilik merkezinde ýaşyl ammiak öndürýär. Fertiberia-nyň hünärmenleriniň pikiriçe, ekologiýa taýdan arassa dökünleriň ulanylmagy ýeralma ösdürilende çykýan zyňyndylary, takmynan, 15% azaltmaga mümkinçilik berýär. Onuň önümçiligi üçin tebigy gazdan wodorody ýaşyl wodorod bilen çalyşmak arkaly alynýan ýaşyl ammiak ulanylýar. Bu ýeralmanyň uglerod yzyny azaldýar. “Ýaşyl” dökünler bilen ilkinji ekiliş Ispaniýanyň birnäçe sebitinde 30 ýyldan gowrak wagt bäri PepsiCo-nyň ýeralma üpjün edijisi Garlan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Maksatnama 2025-nji ýyla çenli 1500 gektara ýetirmek çaklamasy bilen 400 gektarlyk ekin meýdanlarynda ulanylyp başlandy.