5-nji iýulda Meta kompaniýasy tarapyndan işe girizilen Threads sosial ulgamyny ulanyjylaryň sany 100 milliondan geçdi. Muny biri-birinden garaşsyz Search Engine Journal internet neşiri we Quiver Quantitative maglumat platformasy hasaplady diýip, interfax.ru habar berýär. Search Engine Journal-yň maglumatlaryna görä, meşhur ChatGPT çat-botyna 100 million ulanyjyny çekmek üçin iki aý, TikTok we Instagram sosial ulgamlaryna, degişlilikde, dokuz aý we 2,5 ýyl gerek boldy. Meta-nyň ýolbaşçysy we esaslandyryjysy Mark Sukerberg Threads tarapyndan 70 mln ulanyjy belligine ýetilende hyzmatda munuň "garaşylandan has ýokarydygyny" ýazypdy. Şol bir wagtyň özünde, Threads Ýewropa Bileleşiginde elýeterli däl. "The Independent" gazeti çeşmä salgylanyp, Meta-nyň Ýewropanyň kompaniýalar tarapyndan şahsy maglumatlaryň ulanylmagyny çäklendirýän Digital Markets Act kanunynyň düşnüksizligi sebäpli häzirlikçe ÝB-de bu programmany işe girizmekden saklanýandygyny ýazýar.