Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasynda howa gatnawy hakynda ylalaşygy tassyklaýan kanuna gol çekdi. Ondan öň, kanun Patyşalygyň kanunçykaryjy edarasy bolan Şura geňeşi we Wekiller palatasy tarapyndan tassyklanyldy. Resminama bahreýn premýer-ministrine we ministrlerine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bu kanunyň düzgünlerini berjaý etmeklerini göz öňünde tutýar. Resminama 10-nji iýuldan güýje girdi. Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda howa gatnawy hakynda ylalaşyk Hökümet derejesinde 2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda Manamada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Patyşa Hamad bin Isa Al-Halifa bilen gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekildi.