10-njy iýulda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Arhitektorlar birleşiginiň döredilmeginiň 85 ýyllygy mynasybetli «Arkadag eýýamynyň arhitekturasy» atly döredijilik sergisi açyldy. Sergide soňky ýyllarda döredilen milli binagärlik hem şäher gurluşygy sungatynyň iň gowy nusgalary, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäheri üçin taýýarlanan täze binagärlik taslamalary görkezildi. Sergi Türkmenistanyň Arhitektorlar birleşigi tarapyndan Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýardam bermeginde guraldy. Sergide umumylykda 200-den gowrak iş hödürlenildi. Guramaçylaryň habar bermegine görä, serginiň çäklerinde şeýle hem iň gowy taslama işini saýlamak boýunça bäsleşigiň hem jemleri jemleniler. Olaryň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan ediler. Sergi öz işini 10-13-nji iýul aralygynda dowam edýär. Serginiň geçirilýän ýeri: Aşgabat ş,. Asudalyk köçesiniň 33-nji jaýy («Gülüstan» bazarynyň ýany).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir