Alymlar dünýäniň köp sebitinde we ýurtlarynda ulaglarda hem-de köpçülik ýerlerinde çilim çekmäge kanuny gadaganlyklaryň girizilmegi ýürek-damar keselleriniň takmynan 10% azalmagyna we öýken keseliniň 17% azalmagyna sebäp bolandygyny anykladylar. Gözlegçileriň netijeleri JAMA Network Open žurnalynda çap edildi. Umuman alanyňda, awtorlar 144 gözlegiň netijelerini gözden geçirdiler. Alymlar öz gözegçiliklerini jemlediler we temmäkä garşy göreş çäreleriniň ilatyň saglygyna ortaça nähili täsir edendigini kesgitlediler. Derňew ofislerde, köpçülik ýerlerinde we ulaglarda çilim çekmegi gadagan edýän kanunlaryň jemgyýetiň saglygyna peýdaly täsir edendigini görkezdi. Orta hasap bilen ýürek-damar we dem alyş ulgamlarynyň kesellerini degişlilikde 10% we 17%, şeýle hem bu keseller sebäpli ýogalýanlaryň derejesini 10% we 9% azaltdy. Ýürek we öýken keselleriniň agyr görnüşleri bilen kesellän näsaglary hassahana ýerleşdirmek ýygylygy hem 9% azaldy. Mundan başga-da, çilim çekmek gadaganlygy, wagtyndan öň dogulýan çagalaryň 6% azalmagyna, şeýle hem çilim çekmeýänlerde çaga dogluşynyň we göwrelilikde beýleki gaýra üzülmeleriň azalmagyna goşant goşdy.