8-inden 9-njy iýula geçilýän gije Las Wegasda (ABŞ) UFC-290 ýaryşy geçirildi. Esasy söweşiň çäginde guramanyň ýarym ýeňil agramdaky çempiony (65 kg çenli) we pound-for-pound sanawynyň lideri awstraliýaly Aleks Wolkanowski meksikaly türgen Ýair Rodriges bilen söweşdi. Söweş Wolkanowskiniň üçünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňşi bilen tamamlandy. Garyşyk söweş sungatynda Wolkanowskiniň 28 tutluşygy bar. Ol 26 gezek ýeňiş gazandy (13 nokaut bilen) we iki gezek ýeňlişe sezewar boldy. Rodrigesiň hasabynda 20 söweşi bar, olarda 15 ýeňiş gazandy (bäşisi nokaut bilen). Ýair dört gezek ýeňlişe sezewar boldy we onuň gatnaşmagyndaky bir söweş hasap däl diýlip yglan edildi. Ýaryşyň ikinji derejeli esasy söweşinde meksikaly türgen Brendon Moreno braziliýaly pälwan Aleksandr Pantoža garşy iň ýeňil agram derejesinde titulyny goramaga çykyp ýeňildi. Şeýlelik bilen, Pantoža iň ýeňil agram derejesinde guramanyň täze çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir