BMW ulanyjylaryň gözüniň öňünde tizligi, geçirijiligi we nawigasiýa maglumatlaryny çykarýan ConnectedRide akylly äýnekleri hödürleýär. Möhüm maglumatlar, ekranda sürüjiniň maglumatlaryny gözleriniň öňünde görkezip bilýän awtoulaglardaky baş ekrana meňzeş, sag linzada görkezilýär. Maglumatyň ýagdaýy her bir sürüjä örän oňaýly sazlanyp bilner we äýnekleri smartfona Bluetooth arkaly birikdirip bolýar. BMW Motorrad Connected goşundysy arkaly GPS-iň maglumatlaryny we beýlekileri görkezip bilerler. ConnectRide akylly äýnek motosikl sürüjileri üçin ýörite döredildi. BMW dürli ýüzlere laýyk boljak, şeýle hem dürli kaskalarda rahat ýerleşdirmek üçin iki ululygy hödürleýär. Bu äýnek 10 sagada çenli işläp we USB kabeli arkaly zarýad alyp bilýän içerki litiý-ion batareýasy bilen üpjün edilýär. Olar 10°C -dan +50°C-a çenli temperaturada işlemek üçin niýetlenendir. Bahasy 690 ýewro.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir