7-nji iýulda Ilon Mask Ostin şäheriniň töwereginde Tesla Cybertruck-da aýlandy we awtoulagyň iň täze wersiýasynyň suratyny paýlaşdy. Şu ýylyň maý aýynda Ilon Mask Cybertruck-iň prototipini sürüp, Tehasdaky Tesla-nyň litiýni gaýtadan işleýän zawodynyň düýbüni tutmak dabarasyna geldi. Täze awtoulagyň açyk ýükdanynyň üsti goşmaça gurluş, şeýle hem borta berkidilen piller bilen enjamlaşdyryldy. Has öňräk, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Mask iň soňky çykan Cybertruck-iň prototipini Tesla-nyň Tehasdaky gigafabriginiň töwereginde sürendigini aýtdy. Ol:"Bu heýjana salýan duýgy!" -diýdi. Mask uzak garaşylan awtoulagyň tamany aňryýany bilen ödändigini we onuň her gün sürjek awtoulagy boljakdygyny aýtdy. Paýdarlaryň ýygnagynda Mask awtoulagyň şu ýylyň ahyrynda iberilip başlanjakdygyny aýtdy. Maý aýynda Mask her ýyl 250 000 bilen 500 000 birlik aralygynda Cybertrucks satmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.