Şawkat Mirziýoýew 87,05% ses alyp, prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy diýip, ýurduň Merkezi saýlaw topary yglan etdi. Resmi maglumatlara görä, saýlawlarda saýlawçylaryň 79,88%-i ses berdi. Özbegistanyň taryhynda 9-njy iýulda möhletinden öň geçirilen ilkinji saýlawlarda ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ynamly ýeňiş gazandy. Onuň dalaşgärligini birbada iki partiýa öňe sürdi. Saýlawlaryň deslapky netijelerini Daşkentde Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew brifingde yglan etdi. Ol Şawkat Mirziýoýewe 13 mln 625 müň 55 adamyň ses berendigini habar berdi.