ABŞ-nyň Ekologiki çaklaýyş merkezleriniň beýanatynda penşenbe güni Ýerdäki ortaça temperatura ýene-de täze rekord goýdy diýip görkezilýär. Bu barada Trend habar berýär. Duşenbe güni ilkinji gezek planetada 17 gradus Selsiýadan geçen görlüp-eşidilmedik ýokary temperatura hasaba alyndy. Sişenbe güni ortaça temperatura 17,18 dereje boldy, çarşenbe güni hem şol derejede galdy. Penşenbe güni planetada ortaça temperatura 17,23 dereje, ýagny 2016-njy ýylyň awgust aýynyň ortalarynda 16,92 dereje bolan öňki rekorddan ýokary boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir