Twitter-iň eýesi Ilon Mask kompaniýanyň 5-nji iýulda Twitter-iň bäsdeşi hökmünde görülýän Threads onlaýn platformasyny işe girizen Meta korporasiýasyna garşy kazyýete şikaýat bilen ýüz tutjakdygyny tassyklady. “Bäsdeşlik – bu gowy, aldawçylyk welin — ýok” – diýip, Mask “Twitterde” kompaniýanyň “Twitteriň täjirçilik syryna we intellektual emlägine yzygiderli, bilkastlaýyn we bikanun eýe bolandygy” üçin “Metany” kazyýete berjekdigi baradaky habara jogap hökmünde ýazdy. Öň, penşenbe güni Semafor portaly “Twitteriň” “Meta” garşy kazyýet işini açjakdygyny habar beripdi. Onuň maglumatlaryna görä, täze onlaýn platforma işe girizilenden soň “Twitteriň” bähbidini goraýan Quinn Emanuel kompaniýasynyň hukukçysy Aleks Spiro “Metanyň” ýolbaşçysy Mark Sukerberge hat iberip, onda korporasiýany täze önüminde “Twitteriň” intellektual emlägini ulanmakda aýyplady. Threads programmasy çarşenbe güni App Store programmalar dükanynyň amerikan segmentinde ýükläp almak üçin elýeterli boldy. Penşenbe güni Sukerberg täze platformanyň abunaçylarynyň sanynyň programma işe girizilenden soň bir günüň içinde 30 milliona ýetendigini habar berdi.