Saud Arabystanynda mukaddes Mekge we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Türkmenistana dolanyp geldiler. Mälim bolşy ýaly, Gurban baýramynyň öňýanynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden haj parzyny berjaý etmek üçin ildeşlerimiziň 2000-den gowragy Saud Arabystany Patyşalygynda bolup, dünýäniň dürli künjeklerinden bu ýere gelen zyýaratçylaryň köp sanlysynyň hataryna goşuldylar. Zyýaratçylar yslam dünýäsiniň merkezi hasaplanýan mukaddes Mekgede bolup, keramatly Käbä togap etdiler. Şeýlelikde, ildeşlerimiz Ýer ýüzüniň ähli künjeginden gelen musulmanlar bilen bilelikde haj parzyny berjaý etdiler. Mukaddes Medinede Muhammet Pygamberiň we onuň sahabalarynyň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler.