9-njy iýulda möhletinden öň geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin Özbegistanda 19,5 milliondan gowrak saýlawçy hasaba alyndy. Bu barada respublikanyň Merkezi saýlaw komitetiniň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew brifingde habar berildi. Ol: "Saýlaw okruglarynyň sanawyna girizilen saýlawçylaryň umumy sany 19,593 million adam boldy" - diýdi. Mundan ozal, MSK 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen prezident saýlawlaryna 21 milliondan gowrak saýlawçynyň hasaba alnandygyny habar beripdi. 8-nji maýda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew möhletinden öň prezident saýlawlarynyň geçirilmegine rugsat berýän kanuna gol çekdi we öz karary bilen ony 9-njy iýulda geçirmegi belledi. 30-njy aprelde Özbegistanda prezidentiň ygtyýarlyklarynyň möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýan we Mirziýoýewe yzygiderli iki möhletden soň bu wezipä gaýtadan saýlanmagyna mümkinçilik berýän Konstitusiýanyň täze görnüşi boýunça ählumumy sala salşyk geçirilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir