Hindistan 14-nji iýulda özüniň üçünji “Çandraýan-3” milli awtomatiki ekspedisiýasyny Aýa ugradar. Uçurylyş senesi penşenbe güni Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) tarapyndan yglan edildi. ISRO-nyň Twitterdäki habarynda: "Çandraýan-3-iň uçurylýandygyny habar berýäris: ony 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Hindistan wagty bilen sagat 14:35-de (Aşgabat wagty bilen 14:05-de) Sriharikota adasyndaky uçuş meýdançasyndan uçurmak meýilleşdirilýär" -diýilýär. Iýun aýynyň ortalarynda hindi kosmos gullugynyň başlygy Şridhara Paniker Somnath “Çandraýan-3” -iň uçurylmagyna soňky taýýarlyk barada hasabat berdi. Onuň sözlerine görä, kosmos gämisi iň agyr LVM3 hindi raketa-göterijisi bilen Ýer togalagynyň orbitasyna çykarylar. Ilkinji “Çandraýan-1” hindi Aý awtomatiki stansiýasy 2008-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizilipdi. Enjam bir ýyla golaý - 2009-njy ýylyň awgustyna çenli işledi. Ikinji “Çandraýan-2” Aý missiýasy 2019-njy ýylyň 22-nji iýulynda Aýa iberildi - bu enjamyň diňe orbita çykarylmagyny däl, eýsem Ýeriň emeli hemrasynyň ýüzüne uly bolmadyk “Pragýan” Aý rowerini eltmeli “Wikram” goýberiş modulynyň ýumşak gonmagyny üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, şol ýylyň 7-nji sentýabrynda “Wikram” Aýyň üstünden 2,1 km belentlikdekä onuň bilen aragatnaşyk ýitdi, gonduryş moduly Aýyň üstüne urlup, heläkçilige uçrady. Şonda-da, “Çandrayan-2” orbital stansiýasy Aýyň orbitasynda işlemegini dowam etdirýär. Hindi "Çandraýan-3" missiýasy Aý rowerini Aý orbitasyna ibermegi göz öňünde tutýar, onda Aýyň üstüniň himiki we mineral düzümini öwrenmek, şeýle-de topragyndaky dürli elementleriň konsentrasiýasyna baha bermek üçin enjamlar ýerleşdiriler.