Green Funding kraudfanding meýdançasynda dünýädäki iň kindiwanja kamerany çykarmak üçin serişde toplamak kampaniýasy başlandy. MiniCa-nyň agramy bary-ýogy 17g, ölçegi 40 x 47 x 36mm. Kameranyň ölçeglerini fotosuratlardan we animasiýa şekillerinden hasaplap bolýar. Bu, hakykatdanam, islendik ýerde diýen ýaly aňsatlyk bilen gizläp bolýan kiçijik enjam. Emma şol bir wagtyň özünde fizikany aldap bolmaz, şonuň üçin şeýle kameradan ýokary hilli suratlara garaşmaly dälsiňiz. Görnüşine görä, önümi döredijiler potensial alyjylara al salmaga synanyşmadylar we olaryň hut özleriniň beren suratlary hem häzirki zaman standartlary bilen deňeşdireňde näderejede ýaramazdygyny görkezýär. Kamera 3760 x 2128 piksel durulykda surata düşürip we Full HD-de wideo düşürip biler. Awtonomlygy 60 minutlyk wideo ýazgy üçin ýeterlikdir. Şeýle hem, microSD üçin ýeriň we diagonaly 0,96 dýuým ekranyň bardygyny belläp bilersiňiz. Kampaniýa eýýäm üstünlikli geçdi, sebäbi döredijiler zerur mukdardan bir ýarym esse köp ýygnadylar we ätiýaçda bolsa ýene 25 gün bar. Kameranyň bahasy kraudfandingiň çäklerinde 49 dollardan başlaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir