Samsung Electronics kompaniýasy 7-nji iýulda öz uly Galaxy Unpacked çäresiniň geçjek senesini resmi taýdan yglan etdi. Tanyşdyryş 2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda Aşgabat wagty bilen 16:00-da bolar. Bildirişiň yzysüre Samsung ähli täze enjamlar hatary üçin ätiýaçlyklaryň kabul edilişini açdy. Köp sanly maglumat beriş ulgamlarynyň görkezişi ýaly, täze “Galaxy Z Fold5” we “Galaxy Flip5” eplenýän smartfonlara, şeýle hem “Galaxy Tab S9” planşetine we “Galaxy Watch 6” akylly sagatlaryna garaşýarys. Elbetde, Samsung-yň web sahypasynda geljekdäki täzelenmeler barada jikme-jiklikler entek yglan edilmedi, ýöne kiçijik çap görnüşinde “geljekki Galaxy telefonlary we/ýa-da Galaxy Watches we/ýa-da Galaxy planşetleri” öňünden sargyda goýdurylyp bilner. Ätiýaçdan goýdurmak deslapky sargydyň soňraky hasaba alynmagy üçin 50 dollar arzanladyş almaga mümkinçilik berer. Bir wagtyň özünde birnäçe enjam sargyt etseňizem, munuň diňe bir enjama degişlidigini bellemelidiris. Ätiýaja goýdurmaklyk ABŞ-nyň Samsung web sahypasynda eýýäm açyk, ýöne beýleki sebitlerde hem peýda bolup biler. Muny Samsung.com-dan barlap görüp bilersiňiz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir