Toyota täze Land Cruiser Prado wnedorožniginiň ilkinji suratyny çap etdi. Has takygy, suratda birbada iki sany Land Cruiser bar: çep tarapda geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň modeli, sagda premýerasy ýakyn wagtda boljak döwrebap görnüşi. Düýbünden dürli nesilleriň bu modellerini näme birleşdirýär? Ondan öň Toyota iň täze Land Cruiser Prado-yň 60-70-nji ýyllaryň Land Cruiser stilinde öndüriljekdigini habar beripdi. Dizaýny öňünden "görene göz edip" ýörmek islemediler, şonuň üçin suratda ýaşyp barýan Günüň şöhlelerine onuň diňe sudury görkezilýär. Täze Land Cruiser Prado ýaňy-ýakynda hödürlenen Lexus GX-iň “kiçi dogany” bolar. Bu Lexus burçlurak we amatly bolup çykan bolsa, Prado nazaryýetine seretseň has ýönekeý bolmaly, ýöne bu diňe wizual planda şeýle. Tehniki taýdan wnedorožnik häzirki nesliň modelinden zyýada, şol sanda geçijilik ukyby hem ýokary bolar. Ol TNGA-F platformasynda gurlar we agyr ýol üçin Overtrail wersiýasyna meňzeş bolar. Mundan başga-da, ýoluň çynlakaý kyn şertlerinde tüýs gerekli bolup biljek berkidilen podweskasy we esasanam amatly oturgyçlary bar. Täze Land Cruiser Prado-yň premýerasy ýakyn aýlarda bolar, 2024-nji ýylda satuwa çykarylar. Görnüşine görä, bu ilki ABŞ-da, soň bolsa Ýewropada bolar.