Apple amerikan kompaniýasy geljek ýylyň başynda ABŞ-daky dükanlarda Vision Pro giňeldilen hakykat äýnegini satmagy meýilleşdirýär. Bu barada anna güni Bloomberg habar berdi. Kompaniýa geljek ýylyň başynda tutuş ýurt boýunça 270 dükanda bölek satuwy ýola goýmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Munuň üçin Apple dükanlarda oturgyçly we gulaklykly aýratyn ýerleri döreder. Şeýle hem indiki ýylyň başynda şeýle äýnegi onlaýn dükanda sargyt edip bolar. Agentligiň bellemegine görä, kompaniýa 2024-nji ýylyň ahyrynda beýleki ýurtlarda giňeldilen hakykat äýneklerini satyp başlar. Apple-iň inženerleri häzirki wagtda enjamy Fransiýa, Germaniýa, Awstraliýa, Hytaý, Ýaponiýa we Koreýa üçin lokallaşdyrmagyň üstünde iş alyp barýarlar.