«Türkmenistan» awiakompaniýasy 16-njy iýuldan iki täze ugur boýunça — Milan (Italiýa) we Şençžen (Hytaý Halk Respublikasy) şäherlerine ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlar. Awiagatnawlar hepdede bir gezek Airbus A330-200 P2F ýük uçary bilen amala aşyrylar diýip, «Türkmenhowaýollary agentliginiň Metbugat gullugy habar berýär. Ýatlatsak, şu ýylyň ýazynda türkmen awiaparkynyň üsti P2F modifikasiýaly 2 sany Airbus A330-200 ýük uçary bilen ýetirildi. Howa gämileri ýurdumyza 2021-nji ýylyň fewralynda «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Airbus S.A.S fransuz kompaniýasynyň arasynda gol çekilen şertnama laýyklykda gelip gowuşdy.