Arkadag şäherine telefon kody berildi. Ol — +993 12 ýa-da 8 00 12. Bu kod Aşgabat şäheriniň kody bilen birmeňzeşdir. Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryna hem telefon belgileri berildi. Ýaşaýjylar üçin telefon belgileri +993 12 58...-dan, döwlet edaralary we beýleki edaralar üçin bolsa +993 12 57...-den başlanýar. Öň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Içeri işler ministrliginiň Arkadag şäherinde «123» belgili ulgamy işe girizendigini habar beripdik. 123 belgili bu ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüz tutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we tiz kömek merkezlerine maglumat berýär we bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraýar. Şeýlelikde döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir