Türkiýeden gelen kompaniýalar Türkmenistanda işlän döwründe bu ýurtda jemi 50,9 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalaryny amala aşyrdy. Bu barada hurriyetdailynews.com Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp habar berýär. Muny ORIENT ýetirýär. Geçen ýyl agzalan çeşme Türkmenistanda türk kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalarynyň 49,9 milliard dollarlyk bolandygyny çaklapdy. Ýagny bir ýyla golaý wagtyň içinde türk gurluşyk kompaniýalary Türkmenistanda 1 milliard dollarlyk işleri tamamlapdyr. Umuman alanyňda, 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda türk potratçylary daşary ýurtda 7,5 milliard dollarlyk 110 taslama aldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 63% köpdür. Türkiýe Türkmenistanyň gurluşyk pudagyndaky esasy hyzmatdaşlaryndan biri bolup, ýurtda ulag, energiýa, saglygy goraýyş, bilim we ş.m. ýaly dürli ugurlarda köp sanly taslamanyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türk kompaniýalaryny Arkadag şäherinde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanyndaky çagalar iýmitiniň, şeýle-de derman serişdeleriniň önümçilik toplumynyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy.