Ilon Mask soňky alty aýda iň köp pul gazanan adamlaryň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Bu barada duşenbe güni Bloomberg habar berdi. Onuň habaryna görä, Tesla kompaniýasyny esaslandyryjy, SpaceX-iň we Twitter-iň eýesi soňky alty aýda 96,6 milliard dollar girdeji gazandy. Ikinji orny 58,9 milliard dollar girdeji gazanan, Meta-ny esaslandyryjy Mark Sukerberg eýeledi. Ondan soň Amazon korporasiýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos, Oracle korporasiýasynyň esaslandyryjylaryndan biri bolan Larri Ellison we LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti (Louis Vuitton Moet Hennessy) Bernar Arno gelýär. Agentligiň habaryna görä, dünýäniň iň baý 500 adamy 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda bilelikde alaňda jemi 852 milliard dollar gazanyp bildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir