Apple kompaniýasynyň oýlap tapyjylary AirPods-a ornaşdyrmak üçin täze tehnologiýalary göz öňünde tutýarlar. Bloomberg neşiriniň habaryna görä, enjamlar ulanyjynyň bedeniniň temperaturasyny ölçemek we eşidiş derejesine gözegçilik etmek funksiýalaryny alyp biler. Neşir: "Kompaniýa sagdyn eşidişi we bedeniň gyzgynlygyny kesgitlemegiň täze funksiýalaryny girizmek üçin mümkinçilikleri gözleýär, şeýle hem arzan modelleri çykarmagy we USB-C zarýad portlaryna geçmegi meýilleşdirýär" – diýip ýazýar. Birinji funksiýa nauşnigi dakýan adamyň gulak kanaly arkaly bedeniň gyzgynlygyny kesgitläp bilýän içerki datçikler bilen işlär. Bu usulyň Apple Watch Series 8-i we Ultra-ny ulanyp, bilekdäki görkezijini ölçemekden has takyk boljakdygy bellendi. Mundan başga-da, Apple eşidişinde kemçiligi bolan ulanyjylara kömek etjek simsiz nauşnik programmasyny hödürlemegiň ýoluny gözleýär. Bu pikir enjamyň eýesiniň eşidişi bilen bagly meselesini özbaşdak kesgitläp bilmeginden ybarat. Barlag hökmünde gajet belli ýygylyklarda signal döreder.