Sişenbe güni Fransiýanyň Bäsdeşlik, sarp ediş we salgytdan gaçmaklyga garşy göreş boýunça baş müdirligi (DGCCRF) sarp edijilere takyk maglumat bermändikleri üçin Google-a 2 million ýewro jerime saldy. Bu barada müdirligiň metbugat beýanatynda habar berildi. "2021-nji ýylda Google-yň platformasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde DGCCRF-iň Milli Derňew Gullugy sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakyndaky kodeksde göz öňünde tutulan düzgünleri berjaý etmändigi üçin Google Ireland Ltd-e kompaniýasyna umumy mukdary 2 015 million ýewro barabar administratiw jerime saldy" – diýip, metbugat beýanatynda aýdylýar. Düzgünleşdiriji hyzmatyň gözleg motorynda we Google Play goşundylar dükanynda gözlegiň netijelerini, tölegiň şertlerini we teklipleriň bahasyny kesgitlemegiň mehanizmleri barada maglumatyň ýoklugy bilen baglanyşykly birnäçe düzgünbozmany hasaba aldy. Barlaglar başlaly bäri kompaniýanyň käbir düzgünbozmalary aradan aýrandygy hem bellendi.