2023-nji ýylyň 2-nji iýulynda ýekşenbe güni Günde X derejeli güýçli alawlama bolup, ol Ýeriň atmosferasyna "zarba urdy" we ABŞ-nyň we Ýuwaş ummanynyň käbir sebitlerinde radioaragatnaşygyň kesilmegine sebäp boldy. Bu barada NASA-nyň Gün dinamikasy obserwatoriýasy habar berdi. Bu alaw Demirgazyk amerikan gündogar wagty bilen 15:14-de (aşgabat wagty bilen 00:14) bolup geçdi. NASA muny açyk ultramelewşe şöhle hökmünde suratlandyrýar. Oňa Gün şöhlesiniň bar bolan tipleriniň iň güýçli görnüşi — X klasy berildi. Alawyň çeşmesi Ýeriň diametrinden ýedi esse uly bolan AR3354 Gün tegmilidir. Spaceweather atly tematiki çeşme şöhläniň radiasiýasynyň Ýeriň atmosferasynyň ýokarky gatlaklaryny ionlaşdyrandygyny, bu bolsa ABŞ-nyň günbatar sebitlerinde we Ýuwaş ummanynda gysga tolkunly radioaragatnaşygyň kesilmegine sebäp bolandygyny habar berdi.