Weibo-da ygtybarly çeşmä salgylanýan 9to5mac portalynyň awtorlary Apple amerikan öndürijisiniň iPhone 15 Pro-ny malina reňkinde çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Täze iPhone 15 we 15 Plus bolsa “iPhone 12-niň we iPhone 11-iň ýaşyl reňkine ýakyn” ýaşyl reňkde bolar diýlip garaşylýar. Bu enjamlaryň öň narpyz öwüşginindäki görnüşi bardy. Emma iPhone 13 bilen iPhone 14-iň önümçiliginde narpyz reňk ulanylmady. 9to5mac-yň redaksiýasynda täze enjamlaryň reňk çözgütleriniň nähili bolup biljekdigi babatynda insaýderiň çaklamalaryny göz öňüne getirdiler. Maglumata görä, Apple smartfonlary üçin, açyk gök we gülgüne ýaly, birnäçe dürli reňkleri barlap görýär. iPhone 15 Pro-nyň korpusy titandan ýasalar we öndüriji bu materiala boýag çalmak prosesini kämilleşdirmelidir. Bu kompaniýa birnäçe ýyl bäri Apple Watch Edition-da titany ulanýar we sagady tebigy hem-de älem reňkinde hödürleýär.