Ýakyn günlerde Ýeriň ýaşaýjylary gyzykly astronomiki hadysany synlap bilerler - planetamyz Günüň orbitasynyň iň uzak nokady bolan afeliýden geçýär. Muny Moskwa Planetariýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Ýer 6-njy iýuldan 7-sine geçilýän gije, penşenbe güni afeliýden geçer. Şol gün Günüň 2023-nji ýyldaky görünýän iň kiçi (31′31″) diskini Ýerden synlap bolar. Afeliýde Ýer Günden takmynan 152 million km uzaklykda, Güne iň ýakyn orbitanyň nokady bolan perigeliýden 5 million km uzaklykda bolýar. Netijede, afeliýde Gün diskiniň görünýän ululygy perigeliýdäkiden has kiçidir. Şeýle-de bolsa, hünärmenler bu tapawudyň göz üçin duýulmaýandygyny belleýärler, sebäbi alty aýyň içinde diskiň ululygy ýuwaşjadan üýtgeýär. Deňeşdirilen tapawut - 3 göterim. Eger has takyk aýtsak, Ýer afeliýde 2023-nji ýylyň 7-nji iýulynda, aşgabat wagty bilen sagat 01:06-da - 152 094 000 km uzaklykda bolar. "Afeliý" sözi grek dilinden gelip çykýar (grekçe aphelios (apo - uzakda we helios - Gün), sözme-söz terjime edilende "Günden uzak" diýmekdir. Afeliý – planetanyň orbitasynyň ýa-da Gün ulgamynyň başga bir asman jisiminiň Günden iň uzakda ýerleşýän nokadydyr.