Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly şu binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär. — şäheriň demir ýol menzilini; — awtotoplumy we bellige alyş nokadyny; — awtomobil menzilini; — Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasyny; — saglyk öýüniň binasyny. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän şäher häkimliginiň edara binasynda şu ýylyň 16-njy awgustyna çenli kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 52-55-71 Elektron salgysy: adk@sanly.tm

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir