4-nji iýul gijesi, Ýer ýüzüniň adamlary şu ýylyň ilkinji Dolanaýyny — Ýeriň hemrasynyň adatdakysyndan ep-esli ýagty we uludygyny görüp bildiler. Dolanaýyň iň ýokary derejesini çarşenbe güni gije, Aşgabat wagty bilen 03:29-da synlamak bolar. Aý orbitasynyň iň gyrasynda, Ýerden 360 149 km uzaklykda ýerleşdi. Bu hadysanyň dowamynda Dolanaý 362 müň km uzaklykda planetamyza ýakynlaşýar we perigeýiň hem-de Dolanaýyň geçiş pursatlary üç günden köp durmaz. Planetamyzyň hemrasy bilen aralygyň yzygiderli üýtgäp durýandygyny bellemelidiris. Onuň orbitasy birkemsiz tegelek däl-de, birneme süýnmek, şol sebäpli-de ol Ýerden kä daşlaşýar, käte oňa ýakynlaşýar. Aýyň doly fazasy planetamyza iň ýakyn golaýlaşma gabat gelende, Dolanaý bolýar. Şeýle golaýlaşma pursadynda Aý Ýerden seredeňde ullakan ýaly görünýär, görünýän diametri 33′11″. Bu ýagdaýda Ýeriň hemrasy gyzyl reňk alýar, şonuň üçin Dolanaýa "ganly", "miweli" ýa-da "ýyldyrymly" diýilýär. NASA-nyň habaryna görä, iýul Dolanaýy diýilýän hadysa üç güne çenli dowam eder we azyndan ýene bir gije Aý henizem doly görner. Şeýle-de bolsa, 2023-nji ýylda iýuldan başga-da, 1-nji awgustda we 31-nji awgustda, şeýle hem 28-nji sentýabrda Ýerden ýene üç gezek Dolanaý görner.