Toyota batareýalaryň agramyny, göwrümini we bahasyny iki esse azaltmaga mümkinçilik berjek tehnologiki üstünlik gazanandygyny habar berdi. Şeýlelikde, tiz wagtdan elektrik ulaglary täze derejä çykyp biler. Dünýäde ululygy boýunça ikinji orunda durýan awtoulag öndürijisi suwuklykly batareýalardan ep-esli artykmaçlyklary hödürleýän ösen gaty batareýalary bolan ulaglary satuwa çykarmak meýilnamasy bilen öňe barýar. Sişenbe güni, 4-nji iýulda ýapon kompaniýasy gaty batareýalary öndürmek üçin ulanylýan materiallaryň öndürilişini aňsatlaşdyrandygyny aýtdy we açyşy zarýad beriş wagtyny ep-esli azaldyp hem-de diapazony artdyryp biljek möhüm ädim diýip atlandyrdy. Toyota batareýalary has uzaga çekdirmegiň usullaryny oýlap tapdy we indi 10 minutda ýa-da ondanam az wagtda zarýad alyp bilýän, 1200 km aralygy geçmäge ýetýän gaty batareýany döredip biljekdigine ynanýar. Kompaniýa 2027-nji ýyldan başlap, elektrik ulaglarynda ulanmak üçin täze gaty batareýalary köpçülikleýin öndürmegi ýola goýmagy göz öňünde tutýar.